«Sanly çözgüt — IT meýdança»: innowasion tehnologiýalaryň giň mümkinçilikleri

  • 23 Jul, 2022
  • 2410

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda talyplaryň, mugallym-laryň we ylmy işgärleriň degişli ugurlar boýunça ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini we olaryň önümçilige ornaşdyrylmalydygyny belledi. Milli Liderimiziň goldaw bermeginde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen birlikde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen, hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde talyplar, mugallymlar we hünärmenler täze taslamalary taýýarlamaga we önümçilige ornaşdyrmaga gatnaşýarlar, tejribe alyşýarlar hem-de maglumat tehnologiýalary boýunça okuwlary geçýär.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmek, innowasion tehnologiýalary okuw işlerine giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu bilim ojagynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyr-mak, maglumat ulgamlaryny netijeli dolandyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dürli meseleleri öz içine alýar.
«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar. Golaýda bu hojalyk jemgyýetinde bolup, institutyň ýaş alymlarynyň ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine goşant boljak oýlap tapyşlarydyr täze taslamalary bilen tanyşdyk.
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyplary Allanur Baýramdurdyýew bilen Ilýasbek Täjibaýewiň taýýarlan taslamasy esasynda, //vr.eduboxtm.com salgysynyň üsti bilen paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähine wirtual syýahat etmek mümkin. Ol «Krpano» programmasynda döredilipdir. «Ylham» seýilgähiniň çägi 3 bölege bölünip, olaryň hersinde dürli döwürlerde ýaşap geçen türkmen şahsyýetleri hakynda maglumat berilýär.
Seýilgählerde wirtual gezelenç etmek giňden ýaýran tejribe bolup, gije-gündiziň dowamynda is-lendik wagtda internete birigip, dünýäniň çar künjeginden syýahat edip bolýar. Häzirki wagtda seýilgähiň gyş paslyndaky keşbini synlap bolýan bolsa, geljekde beýleki pasyllardaky gözelligini hem görkezmek meýilleşdirilýär.
Taýýarlanan wirtual syýahatlaryň ýene biri «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti bi-len tanyşdyrýar. Institutyň 2-nji ýyl talyby Parahat Esenowyň taslamasy arkaly //vr.eduboxtm.com/it salgysyndan bu jemgyýet bilen tanyşmak mümkin. «Autodesk 3ds Max» programmasynda işlenen taslamada IT meýdançanyň 3 ölçegli görnüşi döredilip, onuň ähli bölümleriniň işi dogrusynda sesli düşündiriş berilýär. 360o ölçegde binanyň içini we daşyny aýlanyp, görüp bolýar. Şeýle-de meýdançada degişli ugurda sargytlaryň kabul edilýändigi we hyzmatdaşlyk et-mäge isleg bildiren taraplar, şol sanda programma düzüjiler, IT ulgamda işleýänler bilen şertnama-laryň baglaşylýandygy habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürme-giň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Häzirki wagtda ony dur-muşa geçirmek boýunça meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Aşgabat şäherindäki 69-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rejepdurdy Meredowyň «Himiýa öwren» taslamasy has-da özüne çekijidir. Onda wirtual barlaghana şertlerinde dürli tejribeleri geçirmek üçin müm-kinçilik döredilýär. Elementleriň dürli täsirleşmeleri, himiki hadysalaryň asyl nusgalaryna laýyk görnüşler ony ulanyjyda uly gyzyklanma döredýär.
Institutyň 1-nji ýyl talyby Rahat Öwezowyň «Meniň Watanym Türkmenistan» atly elektron kita-bynyň hem okyjylaryň söýgüsini gazanjakdygy ikuçsuzdyr. Ony okaýan adam ýörite programma-ny telefona ýükläp, kitabyň suratlaryny, wideoýazgylary görüp bilýär, ýagny suratlaryň hersi öw-rediji wideogörnüşler bilen utgaşýar. Kitap «Unity» programmasynda taýýarlanypdyr.
«Android Studio» programmasynda döredilen «Onlaýn market» hem-de «Sorag-jogap» taslama-lary institutyň 1-nji ýyl talyby Arazdurdy Halymowa degişli. «Onlaýn marketde» elektron söw-danyň döwrebap mümkinçilikleri hödürlenýän bolsa, «Sorag-jogapda» mugallymlaryň talyplardyr okuwçylaryň bilimini barlamagy üçin barlagnama sowallary ýerleşdirilipdir.
«Android» enjamlar üçin niýetlenen ýene-de bir programma «Zehinlije» ykjam goşundysydyr. 1-nji ýyl talyp Mämmetmyrat Mämmetmyradowyň işläp düzen goşundysy kiçi ýaşly çagalara niýet-lenip, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de bilimini barlamaga ýardam edýär. Şu maksat bi-len «Zehinlijede» dürli sowallaryň barha çylşyrymlaşýan toplumy ýerleşdirildi.
Golografiýanyň inçe syrlaryny ele alan 1-nji ýyl talyp Bahaweddin Annanyýazow gologrammala-ry döredýän programmasyna patent almagy maksat edinýär. Ol «Unreal Engine» programmasy esasynda döredilipdir. Onuň gologramma şekillerini kameraly ekranda köp ölçegli synlap bolýar. Ekranyň öňündäki adam şekiliň haýsy tarapyna seretse, şol tarapy görünýär, ýagny ýüzüňi gapda-la öwürseň, şekiliň gapdallaryny, ýokarsyna seretseň, ýokarky tarapyny, hatda arkasyny-da gör-mek bolýar. Bu usuly, mysal üçin, sergilerde ulanmak has-da täsirli bolup biler.
Institutyň 1-nji ýyl talyby Durdygylyç Mergenowyň «eMekdep» programmasy eýýäm durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky 2 mekdebiň degişli maglumatlary ulga-ma ýüklenýär. Ol «PHP» programma dilinde «Laravel» kitaphanalaryndan peýdalanyp döredildi.
Sanly mekdebi dolandyryş ulgamy mekdep müdiriniň, mugallymlaryň, ene-atalaryň hem-de okuwçylaryň ýakyn arabaglanyşygyny üpjün edýär. Okuwçynyň ýetişigi bilen ene-atasy dessine tanyş bolýar, sebäbi onuň alan bahalary hakynda-da görkezilen telefona SMS habary barýar. «Iň ökde okuwçylar» bölüminiň bolmagy ýaşlary has-da yhlasly okamaga, özlerini göreldeli alyp bar-maga höweslendirýär.
Programmanyň goýlan bahalar esasynda okuwçylaryň ýetişigini her çärýekde hasaplaýandygy we beýleki görkezijileri ýüzugra jemleýändigi, täzelikleri, üýtgeşmeleri basym habar berýändigi esasy amatlyklarydyr. Häzirki wagtda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde taýýarla-nan ylmy işlerdir innowasiýalary we oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.
 

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.

 

Çeşme: https://itit.edu.tm/tazelik/40