Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrundaky okuw binasynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetine baranymyzda, bada-bat ikinji gata çykylýan basgançakdaky: «Ähli zat pikirden başlanýar» diýen ýazgyda nazarym eglendi. Munuň hakykatdan-da şeýledigine asla şübhe ýok. Ynsany beýleki janlyjandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem hut pikirlenip bilmek başarnygy ahyryn! Akyllybaşly pikirlenmek bilen, adamzat özüni gurşap alan barlykda indi sanýetmez ýyllardan bäri ýaşamagyny dowam edip gelýär. Ýer ýüzündäki adamlaryň sany milliardlarça, pikirlere bolsa asla soňlanma ýok... Işläp başlanyna o diýen köp wagt geçmedigem bolsa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan IT meýdançamyza gatnaýan ýaşlaryň täzeçil pikirlenmelerinden, görüň, eýýäm innowasion taslamalaryň näçesi kemala gelipdir! Olary önümçilige ornaşdyrmakda-da asla müşgillik ýok. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzyň ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde kesgitlän zamanynda şu hili «akylly» çemeleşmelere zerurlyk barha artýar. Şoňa görä-de, IT hünärmenlere we olaryň önümlerine zähmet bazarynda-da isleg örän ýokary. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde döredilen, hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilýär we baglaşylan şertnamalar esasynda olar önümçilige ornaşdyrylýar. Bu ýerde dürli pudaklaryň sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanyşykly programma üpjünçiligini taýýarlamak hem-de olara bilermen netijesini bermek işi ýokary derejeli IT hünärmenleri taýýarlamak bilen utgaşykly alnyp barylýar. Belli bolşy ýaly, maglumat tehnologiýalary (IT) adalgasy ilkinji gezek 1958-nji ýylda peýda bolýar. IT hünärmenlere zerurlyk bolsa 60-njy ýyllarda, ilkinji elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) döredilende ýüze çykyp başlaýar. Diýmek, asyrlary arka atan hünärler bilen deňeşdirilende, maglumat tehnologiýalary bilen iş salyşýanlaryň käri örän ýaş bolýar. Muňa garamazdan, häzirki «maglumatlar asyrynda» olaryň meşhurlygy günsaýyn artmak bilen.
Çeşme: Nesil gazeti. https://itit.edu.tm/tazelik/42
02.03.2021