«ONLAÝN SÖWDA»: tiz­lik we ýo­ka­ry hil

  • 23 Jul, 2022
  • 409

2-nji ýyl talyp Mekan Muhammedowyň IT meýdançada işläp taýýarlan taslamasy hem häzirki döwrüň zerurlyklaryny — wagty tygşytlamagy we amatlylygy göz öňünde tutýar. Onuň taýýarlan web-saýty «Onlaýn söwda» diýip atlandyrylyp, internet arkaly dürli görnüşli harytlaryň söwdasyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Gök-bakja, miwe hem-de konditer önümleri, içgiler we beýleki bölümleriň üsti bilen müşderiler özüne gerekli zatlary sargyt edip bilýärler. Söwda platformasynda dürli görnüşli harytlar aýry-aýry ugurlarda degişli bahalary bilen ýerleşdirilip, olary öz islegiňe görä möçberde saýlamak mümkinçiligi bar. Gerekli harytlaryňy saýlap, öý salgyňy we telefon belgiňi görkezmek ýeterlik, sargydyňyz tiz wagtda gapyňyzda häzir bolar! Indi ýol söküp, serişde sarp edip, bazardyr söwda merkezlerine gitmegiň zerurlygy ýok. Islendik ýerde — öýde, ýolda, işde oturan ýeriňde şu hili onlaýn marketleriň web-saýtyna girmek bilen, göwün islän harydyňyzy satyn alyp bilersiňiz.

 

Çeşme: https://itit.edu.tm/tazelik/45