“Web ýaryşy-2021” atly bäsleşigi geçirildi.

  • 17 Mar, 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Web-tehnologiýalar” hünäri boýunça “Web ýaryşy – 2021” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady

  • talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak;
  • döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak;
  • geljekdäki kärine (hünärine) söýgi döretmek;
  • dürli maksatly web saýtlary görkezilen maketler boýunça döretmek;
  • döredilen web-saýta dürli kontenti birikdirmek;
  • web-saýtlaryň işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemek;
  • başarnyklaryny açyp görkezmek;
    Bäsleşigiň şertleri:
    Bäsleşik ýumuşy dürli derejeli saýtlary, şol sanda web-gulluklary işläp düzmegiň endiklerini barlamak üçin gönükdirilendir.
    Bäsleşigiň gatnaşyjylary şulary ýerine ýetirmelidir:
  • 1.Login sahypasy bolmagy.
  • a.Paroly gaýtadan dikeltmek
  • b.Captcha goýmak
  • 2.Ulanyjyny rollara görä bölmek (superadmin, admin, müşderi).
  • 3.Admin paneliniň bolmagy.
  • a.tölegi tölänleri görüp bilmek
  • b.tölemediklere habar ýollamak
  • c. müşderileriň maglumatlaryny we web saýtyň maglumatlaryny dolandyryp bilmek.
  • 4.Töleg sahypasy.
  • 5. Arhiw (Geçirilen tölegler barada maglumatlary görüp bilmeklik). Bäsleşik toparlaýyn usulda geçiriler, her toparda 2 adamdan ybarat bolmaly. Toparyň bir agzasy serwer bölegini, ikinjisi bolsa müşderi bölegini ýerine ýetirip biler.
    Bäsleşik ýumuşyny ýerine ýetirmek üçin onuň çylşyrymylylygyna laýyklykda 3-8 sagat berildi.
    Bäsleşigiň ýeňijileri eminleriň goýan ballaryny jemlemek we olaryň köplügi boýunça kesgitlenilýär. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 2 sany I orun, 2 sany II orun, 2 sany III orun
    berildi. Ýeňijiler:
    I orun:
  1. Allanow Nurmuhammet 3HTPÜ- hünäri
  2. Gurbanmämmedow Ýusup 2HTPÜ- hünäri
    II orun:
  3. Didarow Atageldi- 2TUMH-hünäri
  4. Şahanow Guwanç 4TUMH- hünäri
    III orun:
  5. Amanow Pena 1ATKU-hünäri
  6. Mädesenow Resul 2ATKU-hünäri
    Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine hem-de emin agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlar gowşuryldy.
    Şeýle-de gowy netije görkezen bäsleşige gatnaşyjylar “Sanly çözgüt IT meýdançasynda” döredijilik işleri bilen meşgullanmaga çakylyk berildi.

Gülsoltan Aşyrowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Çeşme: http://ashgabat.in/2021/02/08/web-yarysy-2021-atly-baslesigi-gecirildi/