Ýaşlaryň arasynda Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler

  • 27 Feb, 2023
  • 1132

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi  ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşigiň 2023-nji ýylyň 18-19-njy marty aralygynda “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilýändigini mälim edýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasy.

Goşundy (Umumy düzgünler)

Goşmaça maglumatlar üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 927717;  +993 12 927727

+993 (62) 93-05-00

 

Aşgabat, Görogly köçesi, 77-nji jaý, 4-nji gat ("Altyn-Asyr" harytşynaslyk merkezi)