ABŞ we Ýaponiýa 2 nm çip öndürer

  • 18 Oct, 2022
  • 3237

Soňky birküç ýylda çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag we elektron enjamlaryň önümçiligi birnäçe gezek tapgyrlaýyn togtadylypdy. Ýarymgeçirijiler elektron enjamlaryň ähli görnüşlerinde, öý hojalyk tehnikalarynda, awtoulaglarda we beýleki önümlerde ulanylýar. Şeýle bolansoň ýokary tehnologiýa talap edýän bu harydyň önümçiligine hökümetler aýratyn goldaw berip başlady. ABŞ we Ýaponiýa 2 nanometrlik çipleriň işlenip taýýarlanmagy we öndürilmegi üçin ýylyň ahyryna çenli bilelikdäki nou-hou merkezini açarlar. Ýaponiýanyň “Nikkei Asia” neşiriniň habaryna görä, Ýaponiýada açyljak merkez iki ýurduň kompaniýalarynyň durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmegine we bu ýetmezçiligi aradan aýyrmaga ýardam berer. Ilkibaşda iki ýurduň hünärmenleri häzirkilerden has kuwwatly we energiýany tygşytly ulanýan 2 nanometrlik çipleri işläp taýýarlar. Şeýle hem merkezde nusgalyk çipleri öndürýän kiçiräk desga hem bolar. Taslamanyň ahyrky maksady 2025-nji ýyla çenli Ýaponiýada ösen çipleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmakdan ybarat.

Çeşme: zamanturkmenistan