«Canalys» kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, «Samsung» kompaniýasy dünýäde smartfon satuwynda öňdeligini dowam etdirýär. Şu ýylyň ikinji çärýeginde bütin dünýäde satylan «akylly» telefonlaryň 21 göterimini «Samsung» emele getiripdir. Kompaniýanyň şeýle üstünligi gazanmagynda has arzan bahaly bolan «Galaxy A» seriýasynyň täsiriniň uludygy bellenilýär. Maglumata görä, «Apple» kompaniýasynyň telefonlary bazaryň 17 göterimini emele getirip, ikinji bolupdyr. Amerikan brendiniň satuwynyň artmagyna «iPhone 13» smartfonyna bolan islegiň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr. Hytaýyň «Xiaomi», «Oppo» we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde, üçünji, dördünji we bäşinji ýerleri eýeläpdir. Bu kompaniýalaryň bazardaky paýy degişlilikde 14 göterim, 10 göterim we 9 göterim bolupdyr.
Şu ýylyň ikinji çärýeginde umumy telefon satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim pese gaçypdyr.
Çeşme: zamanturkmenistan