«Sanly çözgüt – 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

  • 02 Sep, 2022
  • 1863

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýada, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — 2022» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilerisiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Habarlaşmak üçin: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13