«YANDEX» GÖZLEG ULGAMY SALGYSYNY ÜÝTGEDER

  • 25 Aug, 2022
  • 401

«Yandex» gözleg ulgamy özüniň esasy salgysyny täzelär. Bu barada kompaniýanyň resmi saýty habar berýär.

Indiden beýläk meşhur gözleg ulgamy «ya.ru» salgysynda ýerleşer. Bu salgynyň üsti bilen «Yandex-iň» «Gözleg», «Poçta» we beýleki bölümlerine girmäge mümkinçilik dörär. Şeýle-de kompaniýa «Android» ulgamly enjamlar üçin täze «Alisaly «Yandex»  goşundysyny döreder.

«Yandex» şereketiniň salgysynyň üýtgedilmegi meşhur «Zen» we «Täzelik» bölümleriniň «VK» şereketine satylýandygy bilen baglanyşdyrylýar.

 

Çeşme: SALAM NEWS