Maglumatlary goramagyň biometrik ulgamlary

  • 24 Aug, 2022
  • 2603

Häzirki zaman innowasion we kommunikasion tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar.Maglumat tehnologiýalarynyň goraglylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhowpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda köp sanly işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasy” we “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 – 2021-nji ýyllar üçin Meýilnamasy” kabul edildi.Maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmegiň birnäçe usullary we serişdeleri bar. Olaryň hatarynda maglumatlary goramagyň biometrik tehnologiýalaryny görkezmek bolar. Biometrik tehnologiýalar. Biometriýa adamlary indiwidual fiziki häsiýetlendirijileri we özüni alyp barşy boýunça tanamak we barabarlaşdyrmak usulyýetidir.Ol XIX asyryň ahyrlarynda statistik usullary çekmek arkaly, mukdar taýdan biologik tejribeler (eksperimentler) bilen meşgullanýan ylmyň bir bölegi hökmünde peýda boldy. Häzirki döwürde “biometriýa” diýip maglumat tehnologiýalary nukdaýnazaryndan meňzeşligi bolmadyk (unikal) fiziologik aýratynlyklary ýa-da özüni alyp barşynyň häsiýetlendirijilerini ölçemek we olary degişli maglumatlar binýadynda saklanýan nusgalyklar (etalonlar) bilen deňeşdirmek arkaly şahsyýetiň barabarlaşdyrylmasyny amala aşyrýan awtomatlaşdyrylan usullaryň we serişdeleriň toplumyna düşünilýär. Biometrik ulgamlardan peýdalanmak bilen:

• fiziki ýüzlenmek hukuklaryny kesgitlemek;

• kompýuter we bank torlarynyň terminallarynda, serişdelere uzakdan ýüzlenmek ulgamlarynda wirtual ýüzlenmek hukuklaryny kesgitlemek;

• hasaba alyş we barlag ýaly meseleler çözülýär.Biometrik ulgamlaryň esasy artykmaçlygy olaryň müşderi bilen aragatnaşyk interfeýsiniň ýönekeýliginde we ygtybarlylygyndadyr. Biometrik ulgamlaryň ygtybarlylygy düşünjesinde üç esasy aýratynlyk tapawutlandyrylýar:

• Biometrik enjamlar bilen geçirilýän barabarlaşdyrma ähtimallyk häsiýetli bolup, skanirleme şertleri her sapar birhili, bedeniň skanirlenýän bölegi ýa-da müşderiniň özüni alyp barşynyň hem her sapar tapawutlylygy bilen şertlendirilýär. Diýmek, ölçegleriň nusga bilen gabat gelmegini diňe gabat gelme dere- jesi arkaly aňladyp bolar. Şoňa görä, ähli biometrik enjamlar özüňi ykrar etmezligiň ähtimallygynyň (ulgamyň registrirlenen peýdalanyjysyny barabarlaşdyrmazlyk ähtimallygy), kesekini özüňki hasaplamagyň ähtimallygynyň (kesekini hakyky peýdalanyjylaryň biri bilen çalyşmak ähtimallygynyň) parametrleri bilen häsiýetlendirilýär;

•   ulgamyň bilgeşleýin aldawdan goraglylygy we biometrik skanirlemegiň obýektini simulirlemek synanyşyklaryna garşy durmak başarnygy;

•   ýygnalan biometrik informasiýany rugsatsyz peýdalanmakdan goramak.

Häzirki döwürde statiki we dinamiki usullara bölünýän köp sanly biometrik usullardan peýdalanylýar.

Statiki usullar adamyň fiziologik, ýagny oňa doglan gününden berlen we ondan aýrylmaýan unikal häsiýetlerine esaslanýar. Bu usulda barmak yzlary, ýüzüň, eliň geometriýasy seljerilýär

Dinamiki usullar adamyň özüni alyp barşy bilen bagly häsiýetlerine esaslanýar. Bu usullar bilen haýsydyr bir hereket amala aşyrylanda, adamyň düşünjeli hereketlerine mahsus bolan aýratynlyklary ýüze çykarylýar. Bu usulda söz, gol, klawiatura arkaly ýazuw, ýöreýiş seljerilýär.

Barmakyzy boýunça barabarlaşdyrma (AFIS). Bu iň gadymy tehologiýadyr. Şol bir wagtda iň amatly usul hasaplanýar. Her adamyň barmaklarynyň özgelerde meňzeşligi bolmadyk (unikal), üýtgemeýän yzlary bardyr.

Barmagyň yzy şertli relýefli çyzyklardan durýar, olary papillýar çyzyklar diýip atlandyrýarlar. Bu çyzyklar çylşyrymly (duga, halka we burum-burum aýlawly görnüşli) nagyşlary emele getirýär, olar aşakdaky häsiýetlere eýedir:

•indiwiduallyk: papillýar çyzyklaryň konfigurasiýasy, ýerleşýän ýeri, özara ýerleşişi boýunça na- gyşlary emele getirýän dürli görnüşli toplumy başga nagyşda gaýtalanmaýar;

•otnositel durnuklylyk: adamyň enäniň göwresindekä emele gelen daşky gurluşy onuň durmuşynyň tutuş dowamynda üýtgewsiz galýar;

•öňki ýagdaýyna gelmek: deri örtügine zeper ýetende, papillýar çyzyklar öňki görnüşine gaýdyp gelýär.

Adamyň ýüzi boýunça barabarlaşdyrma tehnologiýasyny amala aşyrmagyň esasy tapgyrlary:

•obýekti skanirlemek;

•obýektden indiwidual maglumat almak;

•şablony (ülňini) döretmek;

•işjeň şablony maglumatlar gorundakylar bilen deňeşdirmek.

Ýüzi skanirlemek 20 - 30 sekunt töweregi bol - ýar, onuň netijesinde ýüzüň birnäçe şekilleri alyn- ýar. Bu usul hakyky (real) wagtda ülňini (şablony) döretmäge we ony maglumatlar bazasyndaky bilen deňeşdirmäge esaslanýar. Barlag üçin zerur meňzeş- lik derejesi käbir bosagany aňladýar, ol dürli işgärler, kompýuteriň kuwwaty, wagt we beýleki şertler üçin sazlanyp bilner.

Ýüzi tanamagyň esasy dört usuly bar. Olar aşak-dakylardan ybaratdyr:

•çal gradasiýaly şekilde ýüzüň tapawutlandyryjy häsiýetlendirijilerini seljermek usuly;

•tapawutlandyryjy keşp alamatlaryny seljerme- giň usuly. Ol mimikanyň (ýüz-gözüň hereketiniň) üýtgemesine uýgunlaşdyrylandyr;

•“aýratyn nokatlary” deňeşdirmäge esaslanýan “neýron torlarynyň” esasynda seljerme usuly. Ol kyn şertlerde hem ýüzi barabarlaşdyrmaga ukyply;

•adamyň ýüzünde aňsatlyk bilen kesgitlenýän aýratynlyklaryň arasyndaky uzaklyklary kesgitlemek.

Häzirki wagtda adamlary ses boýunça tanamak sözleýiş tehnologiýalarynyň möhüm goşmaçasydyr. Bu proses jemgyýetiň maglumatlaşdyrylyşynyň rugsatsyz girişden goralmagy talap edýän dürli aragatnaşyk ulgamlary arkaly maglumat geçiriş akymlarynyň yzygiderli köpelmegi, maglumatlary awtomatik işlemegiň ähmiýetiniň, şeýle hem awtomatik sözleýiş tehnologiýalarynyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr.

Aýratyn häsiýetnamalar boýunça gürleýjini kesgitlemek ulgamlary ylmy we täjirçilik ugurlarynda uly gyzyklanma döredýär.

Şahsyýeti sesinden tanamak, barmak yzlary, gözüň retinasy ýa-da gen gurluşy boýunça kesgitlemek biometrik usullara degişlidir.

Sözleýşi tanamak ýagdaýlaryny öwrenmek üçin esasy sebäpleriň biri has ygtybarly şahsyýeti tanamak islegi bolup, biometrik aýratynlyklaryň özboluşlylygy kesgitlemäniň has ygtybarlylygyny üpjün edýär, üstesine -de, organizmiň biometrik häsiýetleri ýitip ýa-da ýatdan çykarylyp bilinmeýär.

Şahsyýeti sesi boýunça kesgitlemegiň ýene bir görkezijisi tehnologiýalary giňden ulanýan goşmaçalardyr. Ses boýunça kesgitleme serişdeleri we tehnologiýalary howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly ugurlarda ulanylýar. Olara degişli: hasaplaýyş ulgamlary, bank hasaplary, dürli gurluşlar, gulluk jaýlary, aragatnaşyk ulgamlary; telefon ulgamlary (bank gepleşikleri, bank hasaplarynyň ýagdaýyny bilmek talaby, dürli hasap tölegleri ýa- da awiapetekleri bronlama) boýunça iş amallaryny ýerine ýetirmegiň awtomatik kontrolleri (Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnamasy. - Aşgabat: TDNG, 2019.).

Ses boýunça kesgitleme ulgamlary dürli adam- laryň seslerini biri -birinden tapawutlandyrmak ýörelgesine esaslanýar. Sözleýjini tanamak sözleýiş signalynyň aýratynlyklaryna esaslanyp, berlen sözleriň bellibir gürleýjä degişlidigini kesgitlemekdir.

Adam sesini tanamak ulgamlary iki görnüşe bölünýär: barlamak we gürleýjini kesgitlemek. Barlag wagtynda gürleýjiniň sesiniň alnan nusgasy standart bilen deňeşdirilýär we onuň bu nusga bilen meňzeş - ligi kesgitlenýär. Mümkin bolan iki karardan birini kabul etmeli: sözleýji, hakykatdan hem, özümi ýa-da ýok. Şeýle karara gelmek üçin sözleýjiniň şahsyýeti barada zerur maglumatlary öz içine alýan we bir ýa-da birnäçe sözlem bilen ölçelýän parametrler toplumy ulanylýar. Ölçenen bahalar gürleýjini kesgitleýji nusgalaryň parametrleri bilen deňeşdirilýär.

Türkmenistanyň milli bilim ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik esasynda iň köp ses alyp, ýurduň ýokary wezipesine saýlanyp, işe girişen ilkinji gününden gurluş jähetden düýpli özgerdilip başlandy. Häzirki döwürde okatmagyň innowasion tehnologiýaly sanly gurşawy döredildi. Ähli ýokary okuw mekdeplerinde maglumatlary saklaýan, uzak aralyklara ugratmaga we islendik pursatda peýdalanmaga mümkinçilik berýän bilim portaly döredildi. Portal maglumatlaryň howpsuzlygyny we işjeňligini üpjün edýär.

 

Maksat Myradow, Merjen Hojiýewa

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary