ABŞ-nyň “Micron Technology” atly çip öndüriji kompaniýasy göwrümi 1,5 terebaýt bolan dünýäniň ilkinji “microSD” kartyny tanyşdyrdy. “i400” atly maglumat göterijiniň ilkinji tapgyry müşderilere ýetirilip başlandy. Dürli howa şertlerine hem çydamly bolan çip, 25 dereje sowukdan 85 dereje yssy howada hem işläp bilýär. Çip bäş ýylyň dowamynda üznüksiz işläp bilýär. Bu çip, esasan, CCTV kameralarynda ulanmak maksady bilen işlenip taýýarlanypdyr. Kartyň 1,5 terebaýtlyk göwrümiň 120 günläp wideo materiýalary saklamak üçin ýeterlik boljakdygy bellenilýär. Şeýle hem ýokary geçirijiligi bolan çip jisimleriň tanalmagy we toparlara bölünmegi, ýüz tanamak ýaly emeli aň (AI) bilen bagly sekuntda sekiz funksiýany, 4K wideoýazgysyny we işlenmegini üpjün edip bilýär. “i400” seriýasynyň arasynda 64 GB, 128 GB, 256 GB, 512 GB we 1 TB göwrümli çipler hem bar.
Azat Myradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.